- elemtas
- [elemta:s]◊ elemtas bolmak — Aljyraňňy ýagdaýda bolmak, çaşan, aljyran görnüşde bolmak, aljyramak.∙ Şol wagt elemtas bolup gelen atlynyň howsalaly sesi eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ol, ýagdaý bilen tanyşmak üçin öýden gyssanmaç çykyp barýarka, aňyrdan elemtas bolup gelýän Nuryllabaý bilen tas çaknyşypdy. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)∙ Men şol elemtas bolup barşyma galanyň daş ýüzündäki çukura girip gizlendim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.